2025-NJI ÝYL – «HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY»
Biziň ata Watanymyzyň her bir güni toýdur dabaralary goşa- goşadan gelýär. Aşgabat şäherimiziň 144 ýyllyk toýy mynasybetli, şeýle hem mekdep okuwçylarynyň Soňky jaň dabarasy bilen bir günde utgaşyp gelýän, Türkmen Halysynyň güni örän ýokary derejede şatlykly ulydan tutulýar.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň dowam edýän günlerinde Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň ýaşlarynyň şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň döredijilik sergisi gurnaldy. Sergi Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň sergi jaýynda gurnaldy. Döredijilik sergisinide şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, keramika we zergärçilik ýaly hünärlerden bilim alýan ýaşlaryň taslama eserleri çykyş edýär. […]
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 187-nji çagalar bagynyň körpeleriniň arasynda “Çagalar-durmuşyň güli” atly gürrüňdeşlik geçirildi. Çärede çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Çagalary goramagyň halkara güni ýokary ruhubelentlikde baýram edilip garşylanýandygy, muňa Gahryman Arkadagymyzyň: “Çagalara aýratyn üns bermek, olara söýgi bilen garamak asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň […]
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 2-nji çagalar bagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Çagalar biziň umyt – arzuwlarymyz” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk aladalary netijesinde körpeje nesillerimiziň geljegi üns-alada bilen gurşalýandygyny, çagalar biziň […]