
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany»



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillermiz milli ruhda terbiýelenýär, olara watansöýüjilik gymmatlyklaryny öwredilýär. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet guşy”, “Älem içre at gezer” atly eserlerinde Berdimuhammet mugallymyň geçen durmuş we söweş ýoly, il-gün üçin bitiren işleri beýan edilýär.Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet guşy”, “Älem içre at gezer” atly eserlerinde […]

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebi “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” medeni-dynç alyş seýilgähiniň meýdançasynda “Türkmen owazy” teleýaýlymy hem-de “Aýjan” tans topary bilen bilelikde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew-batly, at-myradyň mekany” aýdymyň şekilli ýazgysyny düşürdiler. Ýazgyda 7-nji çagalar sungat mekdebiniň “Şowhun” hor topary, “Şadyýan çagalar” […]

Biziň ata Watanymyzyň her bir güni toýdur dabaralary goşa- goşadan gelýär. Aşgabat şäherimiziň 144 ýyllyk toýy mynasybetli, şeýle hem mekdep okuwçylarynyň Soňky jaň dabarasy bilen bir günde utgaşyp gelýän, Türkmen Halysynyň güni örän ýokary derejede şatlykly ulydan tutulýar.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň dowam edýän günlerinde Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň ýaşlarynyň şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň döredijilik sergisi gurnaldy. Sergi Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň sergi jaýynda gurnaldy. Döredijilik sergisinide şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, keramika we zergärçilik ýaly hünärlerden bilim alýan ýaşlaryň taslama eserleri çykyş edýär. […]

Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ saýasynda, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiñ 2-nji çagalar sungat mekdebiniñ okuwçylary özleriniñ aýdymdyr sazlary bilen baýramçylyk dabarasyny geçirdiler.Türkmenistanyñ Döwlet baýdagy milletimiziñ agzybirliginiñ, döwletimiziñ Garaşsyzlygynyñ hemişelik Bitaraplygynyñ nyşanydyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gülläp ösüşi we rowaçlygy döretýän, Watanymyzyñ beýik gelejegini […]

Esasy Kanunymyz il-günümiziň bagtyýar geljeginiň, ata watanymyzyň beýik ösüşleriniň beýanydyr, ýaşyl Tugumyz baky bagtyýarlygymyzyň, erkanalygymyzyň buşlukçysydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bitewi Kanuna esaslanýan Türkmenistan döwletimiziň Baýdagy belentde parlaýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň milli mukaddeslikleridir. Bu mukaddeslikler asuda asmanly, parahat zeminli Diýarmyzyň esasy Kanuny we döwlet nyşanydyr, ýurt berkararlygymyzyň ykrarnamasydyr. […]

Ýakynda, ýagny, 3-nji aprelde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Mekan köşginde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly agzybirligiň, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dünýä ýüzüne dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi. Bu maslahat 29-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli “Arkadag şäherinde uly üstünlige beslenen parahatçylyk we ynanyşmak ýyly çagalaryň hatyrasyna […]

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebi okuwçy ýaşlar bilen bilelikde “Öz elim bilen” atly döredijilik pursaty gurnaldy. Belli bolşy ýaly döredijilik duşuşygy mekdebimiziň keramika bölüminiň okuwçylary, mugallymlary göreldeli hem-de milli çeper sungata hormat goýýan, gadymy milli sungatymyz bolan külalçylyk ýagny küýzegärçilik sungatyndan bilim alýan okuwçylarymyz bilen bilelikde […]

Saglyk baş baýlyk. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmagyň özeninde Hormatly Prezidentimiziň halkyň bagtyýarlygy we abadançylygy, beden sagdynlygy babatda durmuşa geçirýän uly tagallalary bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin giň mümkinçilikler döredildi. Hormatly Prezidentimiz saglyk bilen sportuň bir bitewi düşünjelerdigini belleýär. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak saglyga […]

Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän gymmatlykdyr. Mähriban watanymyzda bu ulgamy ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutylýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen ýurdumyzda bu ugurdaky hereketleriň täze usullary kemala getirilýär, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine uly goşant goşulýar. Ýurdumyzda bedenterbiýäniň […]