Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynda “Ahalteke atlary – gözeligiň ajaýyp nusgasy” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi bedewlerimiziň waspy älem içre seýran eýläp, bu günki gün halkymyzyň ýürek buýsanjyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň behişdi bedewlerini wasp edýän “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da ” atly ajaýyp kitaplarynda bedewleriň şöhratly geçen ýoluny öwrenmekde, owadanlygynyň waspyny beýan etmekde gymmatly çeşme bolup durýandygy barada gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýäde belent derejelere ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.