Ahalteke bedewi – gözelligiň nusgasy

Aşgabat şäher  medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen  kitaphanalar  ulgamynyň Büzmeýin kitaphana  şahamçasynyň  guramagynda  Ahalteke bedewi – gözelligiň nusgasyady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde ahalteke bedewlerimiz ähli toý-baýramlarymyzyň bezegine öwrülendigi we häzirki döwürde öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan behişdi bedewlerimiz bilen baglanyşykly atçylyk sungatynyň milli ýörelgelerini we däp-dessurlaryny gaýtadan dikeltmek, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak we ösdürmek, ýaşlary atçylyk sporty bilen meşgullanmaga işjeň çekmek, şeýle hem türkmen bedewlerimiziň waspyny  bütin dünýäde wagyz etmek boýunça uly işleriň durmuşa geçirilýänligi barada gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda täze döwrümiziň zynaty bolan  behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.