Ahalteke bedewleri dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasydyr

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Ahalteke bedewleri dünýä gymmatlyklaryň naýbaşy nusgasydyr” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini, ahalteke bedewlerimiz milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy bolup dünýä gözelligini özünde jemleýän ajaýyp ahalteke atlarymyz bütin dünýäde ýurdumyza, halkymyza meşhurlyk getirýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de mizemez genji-hazynamyza öwrülen, asyrlaryň dowamynda türkmeniň at-abraýyny, mertebesini saklan milli atçylyk sungatymyz häzirki döwürde-de beýik ösüşlere beslenýändigi barada buýsanç bilen beýan etdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen atçylyk we sirk sungatyny ösdürmekde, dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.