Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň çäginde Halkara Nowruz baýramy mynasybetli Ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda aýdym-sazlaryň sesleri belent ýaňlanyp, toý gazanlary ataryldy.

Ýaşaýyş jaýyndan paýly bolan ildeşlerimiz türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryna eýerip toý mähellesini güler ýüz bilen, duz-çörek bilen garşyladylar. Pasyllaryň soltany bahar paslynyň tebigata jan bermegi, baglaryň pyntyklap güllemegi, guşjagazlaryň täsin jürküldileri aýdym-sazlaryň mahmal owazy bilen ýakymly sazlaşdy. Bu ajaýyp baýramçylyk dabarasyna Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary hem işjeň gatnaşdylar.



Göreldeli okuwçylarymyzyň döredijilik eserlerinden bolan baýramçylyk sergisi bu dabaraly baýramçylyk pursatlarynyň aýratyn bezegine öwrüldi. Gurnalan sergä ýakyndan syn eden myhmanlaryň aglaba bölegi ýokary baha berdiler.

Her bir döredijilik eserlerinde ýaz paslynyň gaýtalanmajak ýakymly pursatlary belent ruhda wasp edilýär. Munuň özi döwrümiziň waspy, bagtyýar zamanamyzyň belent röwşidir. Şeýle hem baýramçylygyň dowamynda okuwçy ýaşlarymyz janly ýagdaýda surat çekmeklik pursatynda-da boldular. Bahar paslynyň hoştap howasynyň astynda müňdürli reňk öwüşginlerini özünde jemleýän täsin eserleri döretdiler.
Ýaşamaga, zähmet çekmäge ýaş nesillere bilim terbiýe berip, hünär öwretmeklige döredip berýän ähli mümkinçiliklerine Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsunlar aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag belent başlary aman bolsun.