AJAÝYP PURSATLARYŇ LEZZETI

,

   Ýakynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary pasyllaryň soltany bahar paslynyň gelmegi bilen Arkadag şäherinde ýörite döredijilik gezelençde boldular.

Döredijilik okuw tejribeligiň dowamynda mekdebimiziň mugallymlary hem-de zehinli okuwçylary Arkadag şäheriniň gözelligine ýakyndan syn etdiler.

Dünýäniň ünsüni özüne çekýän bu ajaýyp akylly şähere gezelenç döwründe çeperçilik mekdebimiziň höwesli ýaşlary şäheriň binagärlik toplumynyň aýratynlyklaryna, şaýollaryň, duralgalaryň täsinliklerine, ýollaryň ýakasynda oturdylan bag-nahallaryň özboluşly gözelliklerine has uly üns bilen, haýran galmalar bilen syn etdiler.

Şeýle täsin pursatlaryň şaýady bolup gyzykly pursatlary kagyz ýüzüne geçiren okuwçylarymyzyň döreden eserleri has ýakymly boldy. Olarda Arkadag şäherine bolan gezelenç çaga kalplarynda baky galjak, ýatdan çykmajak pursatlary döretdi. Ýaz paslynyň täsin howasyndan ruhlanyp döredijilik pursatlaryna çykan ýaşlarymyzyň hyjuwly nazarlarynda mähriban Watanymyzyň keşbi belent ruhda wasp edilýär.

Şeýle ajaýyp pursatdan peýdalynyp Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we zehinli okuwçy ýaşlary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredilip berilýän ähli mümkinçiliklere köp-köp sagbolsunlar aýdýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun.