Alaja – nepisligiň nusgasy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň  Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 134-nji orta mekdebinde “Alajalar – nepisligiň sungaty” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybirlikden kemal tapan türkmen halkymyzyň milli gymmatlyklary asyrlardan-asyrlar aşyp, biziň şu günlerimize öz gymmatyny ýitirmän gelendigi hakynda gürrüň berdiler. Ene-mamalarymyzdan miras galan el-işleri nesilden-nesile geçirmek, gorap saklamak, dünýä ýaýmak her bir türkmen zenanlarynyň mukaddes borjy bolup durýandy, şeýle-de alaja işmek, jähek kakmak, haly dokamak, keçe basmak ýaly ähli el-işleri milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli gymmatlyklarymyzy, nepis el-işlerimizi sungat derejesine ýetirmekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.