Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Gypjak medeniýet öýüniň hem-de Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşygynyň bilelikde gurnamagynda “Arkadagyň ýoly-parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly”ady bilen söhbetdeşlik çäresi geçirildi.
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Gypjak medeniýet öýüniň hem-de Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşygynyň bilelikde gurnamagynda “Arkadagyň ýoly-parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly” ady bilen söhbetdeşlik çäresi geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze 2025-nji ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bosagasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2024-nji – “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň jemlenmegi bilen baglylykda, “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň çapdan çykmagy ähli halkymyz we giň okyjylar köpçüligi üçin bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Döwlet baştutanymyz öz eserinde beýik söz ussadynyň edebi mirasynyň, dünýä edebiýatyna goşan ägirt uly goşandynyň, şahyryň ýubileý toýy bilen bagly geçirilen çäreleriň giňden beýan edilýändigini, şeýle hem ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanan üstünliklerimiziň jeminiň jemlenýändigini belledi. Täze kitabyň ilkinji sahypalarynda Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen ajaýyp şygary ýerleşdirilipdir. Kitapda türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýär. Kitabyň mazmuny “Magtymgula düşünmegiň açary”, “Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary”, “Pähim-paýhas ummany”, “Parahatçylygyň şahyry”, “Halk ýadyndan aýrylma”, “Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar” we “Hakyň hem hakykatyň ýolunda” atly bölümleriň sekizisinde beýan edilýär. Şeýle-de akyldaryň döredijiliginiň we durmuş ýolunyň ylymy esasda öwrenilişi, pähim- paýhasly şygyrlarynyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen ajaýyp şygara beslenen 2024- nji ýylda beýik söz ussadynyň doglan güniniň 300 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçirilen halkara çäreler barada söhbet edilýär..
Çäräniň ahyrynda öz halkyny eşretli, parahat durmuşda ýaşamagy üçin şular ýaly giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaçlanmagyny arzuw etdiler.