Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylyklarynda ýurdumyzda toýlar ulydan goşadan tutylýar. 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň çäginde ýörite ýaşaýyş jaýlaryň açylyş darbarasy boldy. Bu dabara Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we zehinli okuwçylary ýörite baýramçylyk sergisi hem-de döredijilik pursatlary bilen işjeň gatnaşdylar. Baýramçylyk dabaranyň dowamynda aýdym-sazlaryň belent mahmal owazy has joşguly ýaňlandy. Bu ajaýyp çärä gatnaşan toý mähellesi milli lybaslarda bolup, toý şowhununa joşgunly goşant goşdular.
Dabara gatnaşyjylary milli lybaslardaky gyzlar nazu-nygmat bilen garşyladylar. Ýaşaýyş jaýyna mynasyp bolan ildeşlerimiziň bagtyýar pursatlary has tolgundyryjy boldy. Şeýle gözellikleri ýakyndan synlap, toý ruhynda çykyş eden 2-nji çagalar çeperçilik mekdebimiziň şekillendiriş sungatyna höwesli okuwçylary üstünlikli we dabaraly ruhda işjeň gatnaşdylar. Öz döredijilik taslamalaryny şol pursatdaky toý dabarasyna bagyşladylar.

Gurnalan ýörite döredijilik sergä körpeje jigilermiz, ýaşuly nesillerimiz umuman toý dabarasyna gatnaşan adamlaryň ählisi uly gyzyklanma bilen syn etdiler.

Şeýle ajaýyp pursatdan peýdalynyp Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we zehinli okuwçy ýaşlary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredilip berilýän ähli mümkinçiliklere köp-köp sagbolsunlar aýdýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun.