Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli “Asyrlary arka atyp, ýollar geçen Nowruzym” atly aýdym – sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň her bir gününiň toý – baýramlara, şatlykly wakalara beslenmegi, türkmen halkynyň milli baýramlarynyň biri bolan Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni barada, bu baýramyň taryhy, gelip çykyşy, goňşy halklarda bellenilişi, Nowruzda ýedi dürli tagamlaryň taýýarlanyşy esasan-da milli tagamlarymyzyň biri bolan semeniniň bişirilişi barada gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň “Ýaşlyk” höwesjeň halk topary ajaýyp aýdym – sazlary ýerine ýetirdiler. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.