Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Gypjak medeniýet öýüniň hünärmenleriniň bilelikde gurnamagynda “Aty baryň-ganaty bar” ady bilen medeni çäre geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halky bagtly eýýamyň gujagynda bagtyýar ýaşaýar. Mähriban halkymyz birnäçe asyrlaryň dowamynda umumy adamzat bähbitli, mukaddes gymmatlyklary başaran halkdyr. Şol ajaýyp gymmatlyklaryň biri hem halkymyzyň uçar ganaty, ýow güninde ýoldaşy, goç ýigitleriň göwün hoşy bolan yelden ýyndam behişdi bedewlerimizdir. “Aty baryň-ganaty bar” diýen pähimden ugur alýan türkmen halky bedew atyny ozüniň iň ýakyn hemrasy, wepaly dosty hasaplapdyr. Merdana milletimiziň beýik buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri irki döwürlerden bäri ýigidiň beýik maksadyna ýetmeginde uçar ganaty bolupdyr. Türkmen nesli özi iýmän atyna iýdirip, gije ýatman, gündiz oturman, irginsiz aladany talap edýän seýisçiligiň gadymy syrlaryny arkama-arka öz nesillerine geçiripdir. Gelin-gyzlarymyz halydan “arkalyk” dokap, edil öz çagalaryny bezän dek, at arkasyny bezän bolsalar, zergär ata-babalamyz atyň göwüsbendini, uly hem kiçi boýuntyryklaryny sap kümüşden ýasap, halallygyň tesbiri hasaplanan hakyk gaşlary bilen bezäpdirler. At üstiniň eýeriniň-de rahatdan-gelşikli, nepis bolmagy üçin aladalanypdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ahalteke bedewlerine berýän ünsi örän uludyr. Ahalteke bedewleri aýlawlary baglap, äleme seýran edip, dünýäni haýrana galdyrýar.
Ýurdumyzyň günsaýyn ösýän döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçilikleriniň netijesinde, kalby joşgundan doly ussatlar bu günki günlerde hem özleriniň many-mazmuna ýugrulan eserleri bilen yzygiderli çykyş edýäler. Olaryň kalby ajaýyp zamanamyza bolan buýsançdan hem-de Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşdan doludyr.
Çäräniň ahyrynda gamyşgulak, bedew atlarymyzyň aýaklary ýüwrük, ýollary şöhratly bolsun! Bize şular ýaly uly mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaçlanmagyny arzuw etdiler.