Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli “Bagtyýar ýurdumyza Nowruz geldi, ýaz geldi” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Nowruz baýramyny türkmen halky uly joşgun bilen garşy alýandygy, halklaryň dost-doganlygyny aňladyp, asyrlarboýy dowam edip gelýän iň gadymy baýramlaryň biri bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruz ýurdumyzda halklary birek‑birege ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini hem-de zähmetsöýerligi rowaçlandyrýan, dünýä derejesinde dostluga we hoşniýetlilige çagyrýan baýramlaryň biri bolup, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem: “Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda” diýip, türkmeniň ýazyny, Nowruzyny öz goşgy setirleri bilen taryplandygy barada beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda halkymyzy nurly geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.