“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak“ ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we şekillendiriş sungatyna höwesek ýaşlary, ajaýyp döredijilik eserleriniň her bir tomaşyja ruhy lezzet berýär.
Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe gadamy batly ýaşlarymyzyň şekillendiriş sungatyna höwesleri has döredijilikli. Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we okuwçy ýaşlary Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda döredijilik okuw tejribeliginde boldular.

Şeýle ruhda zähmet çekýän Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary öz gezeklerinde ýaş nesilleri terbiýelemekde olara şekillendiriş sungatynyň birnäçe ugurlaryndan bilim bermek, hünär öwretmekde döredilip berilýän uly mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp zähmet çekýärler.

Ýörite okuw meýilnamasyna laýyklykda şekillendiriş hünärine höwesli ýaşlaryň arasynda has ökde, has ukyply, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen döredijilik sergilerini, döredijilik bäsleşiklerini yzgiderli gurnap durýarlar.

Türkmen şekillendiriş sungatynda uly yz goýan ussat suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň öz döwründe döreden döredijilik eserlerine ýakyndan syn etdiler. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli belent başlangyçlarynda uly-uly üstünlikleri arzuw edýäris.
