Bahar baýramy mynasybetli

,

      Türkmenistanyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda “Milli bahar baýramy­” mynasybetli Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 6-njy çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda, paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän “Aşgabat” söwda-dynç alyş merkezinde “Gülle Watan” atly baýramçylyk çykyşyny ýerine ýetirdiler. Okuwçylaryň çykyşyny “Aşgabat” teleýaýlymy ýazga geçirdi.  Şeýle baýramçylyklara öz goşandymyzy goşup, ýürek buýsanjymyzy halkymyz bilen paýlaşmaga ýaş zehinlileri açyp görkezmäge döredilen mümkinçilikler üçin  Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden minnetdarlygymyzy bildirýäris!