“Bedew waspy”

,

Belent sepgitlere, taryhy wakalara beslenen, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Şonuň netijesinde halkara giňişliginde hem onuň abraý-mertebesi barha belende galýar. Biz muňa ýurdumyzda geçirilýän döwlet we halkara ähmiýetli çärelerde has aýdyň göz ýetirilýär.

Häzirki döwürde  gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ahalteke bedewleriniň asyl mekany bolan ýurdumyzda atçylyk ulgamynyň we atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň ösdürmegi babatda ägirt uly işler bitirilýär.  Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap aýlawlar guruldy. Aýlawlarda atçylyk sporty boýunça zerur işleri alyp barmak, milli at üstündäki oýunlar bilen meşgullanmak üçin ýörite şertler üpjün edildi. Bu bolsa atçylyk sportunyň, umuman, atçylyk ulgamynyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşmegini şertlendirdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda milli Liderimiziň başlangyjy esasynda “Galkynyş”  milli at üstündäki topary döredilip, onuň agzalary dünýäniň dürli ýurtlarynda özleriniň ajaýyp çykyşlary bilen talapkär tomaşaçylaryň sag bolsunlaryny mynasyp boldular. Bu toparyň halkara derejesinde geçirilen bäsleşiklerde ýeňiji bolup, dünýä kuboklaryna we abraýly baýraklaryna eýe bolmagynda toparda seýislenýän ahalteke bedewleriniň mynasyp paýynyň bardygyny bellemeli.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen bedewlerine goýulýan hormat-sarpa has-da belende göterildi. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli guraljak dabaralara taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Bedewleriň şöhratyny, olaryň gazanan ýeňişlerini wasp edýän çeperçilik eserleriniň, gelşikli atlaryň şekilini janlandyrýan  suratlaryň, şaý-sepleriň bäsleşigi guralyp. Olaryň ýeňijileri döwlet derejesinde sylaglanylýar.

Şunlukda, tutuş ýurdumyzda türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän bedewleriň şanyna belent ruha beslenen ýörite maksatnama işlenip taýýarlanyp,  halkymyzyň uludan-kiçä hemmesi ondan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi biziň ilimizde bedew sarpasynyň belent tutulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen halkynyň milli buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratynyň belende galmagy ugrunda döwlet derejesinde edilýän alada onuň netijelerini berýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly başlangyçlarynyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň beýanydyr.

Gurbanow Goçmyrat

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Büzmeýin

Halk döredijilik öýüniň müdiri.