Behişdi bedewler türkmeniň şöhraty

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Köpetdag etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda “Behişdi bedewler türkmeniň şöhraty” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň  täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde bedew bady bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanmyzyň halkara derejesindäki at – abraýy täze belentlikler eýe bolýandygy, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ” ýylynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary dünýäniň ençeme döwletiniň gatnaşmagynda Monako Knýazlygynyň Monte – Karlo şäherinide geçirilen 47-nji halkara sirk festiwalaryna gatnaşyp, ol ýerde türkmen ýigitlerimiz at üstündäki milli oýunlarymyz bilen üstünlikli çykyş edip, ýaşyl tugumyzy al-asmanda parladyp, festiwalyň birnäçe baýraklara mynasyp bolandyklary barada söhbet etdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.