Behişdi bedewlerimize belent sarpa

,

      Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen  Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Medeniýet köşgiň bilelikde gurnamagynda “Behişdi bedewlerimize belent sarpa” ady bilen Medeniýet köşginde gürrüňdeşlik  geçirildi.

Çärede Türkmen halky taryhyň ähli döwürlerinde owadanlygy, ýyndamlygy, eýesine wepalylygy bilen göreni haýran edýän bedewlerimize uly sarpa  goýulyp, türkmen halkynyň “At-myrat, ogul-döwlet”, “Aty baryň ganaty bar”, “At agynan ýerde toý bolar”, “At dost-ata dost” diýen ýaly nakyllary-da bedewe bolan söýgüsiniň subutnamasydygy, bedew atlaryň waspyny edebi çeşmelerde hem görmek bolýandygy, çünki nusgawy şahyrlarymyz behişdi bedewleri wasp edip goşgudyr, gazallary ýazyp, gözellikde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriň waspyny ýetirýandigi, türkmen toýlarynyň bezegi ahalteke bedewlerini göreniňde buýsanjymyz goşalanýandygy, ganatly bedewler gadymy döwürlerden bäri bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýandygy barada bellediler. Türkmen bedewleriniň owadanlykda, çalasynlykda, duýgurlykda deňi-taýy  bolmandyr, çünki  bedewler biziň milli buýsanjymyzdygy barada giňişleýin çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda kitap sergisi bilen tanyşdyryldy  hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen bedewleriniň waspy has-da belentde ýaňlanýandygyny belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda behişdi bedewleriň waspyny dünýä ýaýýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlarynyň sag, başlarynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.