Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparynyň okuw-türgenleşik ýygnanşygyny geçýän türgenleriniň gatnaşmagynda “Behişdi bedewleriň şöhratly ýoluna buýsanç” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli buýsanjymyz we şöhratymyz hasaplanýan behişdi bedewlerimizi sarpalamaga uly ähmiýet berilýändigi, döwrümiziň uçar ganaty bolan türkmen bedewleri ähli döwürlerde-de synmaz ruhuň, çäksiz wepadarlygyň, taýsyz gözelligiň, kämilligiň, nyşany hasaplanýandygy barada giňişleýin çykyş edenler. Şeýle-de türkmen ýigitleriniň ahalteke bedewlerine erk etmegi, milli oýunlarda ezberligi bilen öňe saýlanmagy, ýaşyl tugumyzy al-asmanda parlatmagy eziz Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da belende göterýändiklerini buýsanç bilen beýan etdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimize belent sarpa goýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.