“Bereketli Türkmen saçagy”

Aşgabat  şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda merkezi we kitaphana şahamçalarynyň arasynda Milli bahar baýramy mynasybetli  “Bereketli türkmen saçagy” ady bilen Bagtyýarlyk medeniýet köşgünde bäsleşik geçirildi.

          Bu bäsleşigiň esasy maksady türkmen gelin-gyzlarynyň çeperligini, ezberligini, maksada okgunlylygyny, saçak bezemekde türkmeniň däp-dessurlarynyň  ýerine ýetirlişinde öz ukyplaryny ýüze çykarmakdan ybarat bolup durýar. Bu bäsleşikde Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň garamagyndaky kitaphanalaryň hünärmenleri  Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Köpetdag, Büzmeýin etraplary boýunça özara bäsleşdiler. Bäsleşik 3 şertde ybarat bolup, 1-nji şerti toý saçagyny bezemek we waspyny ýetirmek; 2-nji şerti taýýar hamyrdan unaş ýaýyp kesmek; 3-nji şerti bolsa erkin çykyş. Bu bäsleşikde  baş baýraga Bagtyýarlyk etraby,  1-nji orna Berkararlyk etraby, 2-nji orna Büzmeýin etraby, 3-nji orna Köpetdag etraby mynasyp boldular. Bäsleşikde  ýeňiş gazananlara  Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň adyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda  Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.