Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda şanly Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli “Bitarapdyr diýarym – asudadyr Watanym” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk dabarasynyň giňden bellenilip geçiljekdigi, bagtyýar halkymyzyň kalbynda uly ruhybelentlik, buýsanç duýgularyny döredýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine uly itergi berýändigi barada beýan etdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda parahatçylygyň berkararlygy, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürülmegi ugrunda bimöçber tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.