Bitaraplyk – parahatçylyk we dostluk ýörelgämiz

    Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda  “Bitaraplyk – parahatçylyk we dostluk ýörelgämiz” ady bilen şanly Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Halkara Bitaraplyk  türkmen taryhyna müdümilik altyn harplar bilen  ýazylyp, ýurdumyz dünýä döwletleriniň  arasynda iň ýokary parahatçylyk dörediji merkez  bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de häzirki wagtda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden  gelip çykýan aýdyň  wezipeler dünýä ählumumy parahatçylygyň  pugtalanmagynda, durnukly ösüşiň  we abadançylygyň  üpjün edilmeginde  möhüm ähmiýete  eýe bolup durýandygy barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda baky Bitaraplyk hukuk derejämizi, parahatçylyk ýoluny mynasyp dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza  alkyş sözlerini aýtdylar.