Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Bitaraplyk şuglasy” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny umumyadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz edilýändigi barada gürrüň berdiler. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30-ýyllygyny we halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperlik we myhmansöýerlik däplerini ýer ýüzünde şöhratlandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda parahatçylygyň ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetiniň örän ulydygy barada belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahyman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.