Çagalar biziň umyt – arzuwlarymyz

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 2-nji çagalar bagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Çagalar biziň umyt – arzuwlarymyz” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk aladalary netijesinde körpeje nesillerimiziň geljegi üns-alada bilen gurşalýandygyny, çagalar biziň durmuşymyzyň iň esasy baýlygy bolup, Çagalaryň goraglylygyny we olaryň abadan ösüşini üpjün etmek bolsa biziň iň esasy maksadymyz bolup durýandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de olaryň giň dünýägaraýyşly, kämil ruhly we berk bedenli bolmaklary, körpe nesillerimiziň rahat dynç alyp,ylymly – bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep – terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygy barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalarymyzyň watansöýüjilik, ynsanperwerlik we dostluk ruhunda terbiýelenmegi babatda yzygiderli aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.