Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 187-nji çagalar bagynyň körpeleriniň arasynda “Çagalar-durmuşyň güli” atly gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Çagalary goramagyň halkara güni ýokary ruhubelentlikde baýram edilip garşylanýandygy, muňa Gahryman Arkadagymyzyň: “Çagalara aýratyn üns bermek, olara söýgi bilen garamak asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň kämilleşip gelen ruhy gymmatlygydyr” diýen parasatly sözleri körpeler baradaky aladalaryň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalaryň abadan, parahat, asuda bolelin durmuşda ýaşamaklary, her bir çaganyň döwletiň hemmetaraplaýyn goldawyndan we goragyndan peýdalanmagy, döwrümiziň talabyna görä bilim-terbiýe almaklary üçin uly işler amala aşyrylýandygy dogrusynda beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda Watanymyzda körpeje nesillerimiziň şadyýan gülküsiniň ýaňlanyp durmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.