Çagalaryň şatlygy her öýüň abatlygy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Aşgabat”  seýilgähinde Çagalaryň şatlygy her öýüň abatlygyady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz diýarymyzda ýagty geljegi bolan ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi üçin ähli şertler döredilýändigi, ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli we kämil düşünjeli bolup ýetişmegi döwlet syýasatynyň ileri tutylýan ugurlarynyň biri bolup, ýurdumyzda ýaş nesilleriň bilim almagy, terbiýeli bolup ýetişmegi, dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilmekleri hem-de Diýarymyzyň gözel ýerlerinde dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýänligi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň dowamynda her bir güni bagtyýarlyga beslenen ata Watanymyzyň waspyny, körpeje nesillerimiz öz ýürek joşgunlaryny goşgularynyň üsti bilen beýan etdiler.

        Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza,  Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.