
2025-NJI ÝYL – «HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY»
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiñ 1-nji çagalar sungat mekdebi Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmen milli konserwatoriýasynyñ zalynda Altyn serpaý skripkaçylar topary we Älem goşar kiçi hor topary çykyş etdiler.
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiñ 1-nji çagalar sungat mekdebi we Ýaşlar guramasy bilen bilelikde “Ýaşlyk” teleýaýlymynda “Älemgoşar” şekilli aýdymlar bäsleşigi gurnaldy. Geçirlen bäsleşikde mekdebimiziň okuwçylary hormat hatlara hem-de 2-nji ýere mynasyp boldylar. Ýazgy fewral aýynyñ 14-ne gurjak teatrynda geçirildi.
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli geçirilen hasabat konserti. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşly döwründe ösüşlere bedew bady bilen öňe barýan türkmen diýarymyzyň her bir güni toýdyr baýramlara beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňden görüjilikli syýasaty netijesinde medeniýet ulgamynyň ähli ugurlary bilen bilelikde çagalar sungat mekdepleriniň işini kämilleşdirmek boýunça zerur […]