
2025-NJI ÝYL – «HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY»
Biziň ata Watanymyzyň her bir güni toýdur dabaralary goşa- goşadan gelýär. Aşgabat şäherimiziň 144 ýyllyk toýy mynasybetli, şeýle hem mekdep okuwçylarynyň Soňky jaň dabarasy bilen bir günde utgaşyp gelýän, Türkmen Halysynyň güni örän ýokary derejede şatlykly ulydan tutulýar.
Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ saýasynda, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiñ 2-nji çagalar sungat mekdebiniñ okuwçylary özleriniñ aýdymdyr sazlary bilen baýramçylyk dabarasyny geçirdiler.Türkmenistanyñ Döwlet baýdagy milletimiziñ agzybirliginiñ, döwletimiziñ Garaşsyzlygynyñ hemişelik Bitaraplygynyñ nyşanydyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gülläp ösüşi we rowaçlygy döretýän, Watanymyzyñ beýik gelejegini […]
Ýaşlary hünäre ugrukdyrmak işleriniň çäginde Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebi ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olaryň saýlap alan hünäri we ugrukdyrmak hem-de okuwlaryny dowam etmek üçin okuwa çagyrmak maksady bilen Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebine ýygnanyşdyk. Bu döredijilik duşuşygy diýseň täsirli geçdi. […]
Bütin Türkmenistan ýurdumyzda mukaddes Nowruz baýramçylygy ulydan toýlanýar. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamy aýratyn halkymyza hyzmat edýär. Yn-ha biziň Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebimizde-de Nowruz baýramçylygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu dabarada mekdebimiziň mugallymlary, zehinli okuwçylarmyz öz halaýan saz gurallarynda dürli äheňdäki sazlary çalyp, türkmen dost- dogan ýurtlarmyzyň aýdymlary uly joşgunly ýerine ýetirdiler. Dabara uly […]
Türkmenistanyñ ,,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ,,Halkara zenanlar güni” mynasybetli Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiñ 2- nji çagalar sungat mekdebiniñ okuwçylary Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiñ Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynda 8-nji mart baýramy mynasybetli konsert geçirildi. Okuwçylarymyz özleriniñ ýürekden çykýan aýdymdyr-sazlary bilen çykyş etdiler. Baýramlaryñyz gutly mübärek bolsun. Bize şular ýaly mümkinçilikleri döredip berýän sungatyñ hak howandarlary Gahryman […]
Berkarar Döwletimiziñ bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda 8-nji mart Halkara zenanlar güni giňden bellenip geçilýär. Watanymyzda wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiñ 2-nji çagalar sungat mekdebiniň zehinlije çagalary hem özleriniñ ajaýyp çykyşlary bilen enelermizdir-mamalarymyzy, ejelerimizi, jigijiklerimizi şeýle hem uýalarmyzy 8-nji mart baýramlaryny gutladylar. “Türkmenistan-parahatçylygyñ we ynanyşmak” ýylynda hem okuwçylarymyz diňe bir türkmen […]
Berkarar döwletiñ Taze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda mähriban watanymyzyñ dünýädäki abraý mertebesini hasda belende göterýän türkmen halkynyñ Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ bimöçber aladalary netijelerinde aýdym-saz sungatyny ösdürmek maksady bilen, Türkmen saz-sungatyny kemala getirmek üçin, çagalaryñ aýdym-saza bolan höwesini, söýgüsini, olaryñ ýerine ýetirijiliginiñ proffesional taraplaryny ösdürmekde, saz sungatynyñ inçe […]
“Garaşsyzlygymyzyñ merjen däneleri” atly zehinli çagalaryñ arasynda guralýan bäsleşikde Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň hem “Altyn-zehin” aýdym-saz toparymyz çykyş etdiler. Bu zehinli, ylhamly çagalaryň arasynda okuwçylarymyz hem heýjanlanyp ýurdymyzda geçirilýän her bir baýramçylyk dabarasyna uly buýsanç bilen gatnaşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda, okuwçylarymyzyñ aýdym-saza bolan höwesleri hem gün-günden artýar.
“Arkaç” söwda we dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy aýdym-saza beslendi. Bu baýramçylyk güninde Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň “Güneş” skripkaçylar topary uly şowhun bilen çykyş etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dost-doganlyk gatnaşyklary berkidilýär we okuwçylarymyz hem Koreýa döwletiniň ýaş zehinlileri bilen söhbetdeşlik etdiler. Soňra özleriniň alkyş kelamyny aýtdylar. Baýramçylyk dabarasyndan […]
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli geçirilen hasabat konsertiniň açylyş dabarasy uly şowhun bilen başlady. Bu konsertda mekdebimiziň “Altyn zehin” aýdym-saz toparymyz, şeýle-de “Joşgun” hor toparlarymyz çykyş etdiler. Bu baýramçylyk ýörite okuw maksatnamasy esasynda düzildi.