
2025-NJI ÝYL – «HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY»
“HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK” ýylynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň horegrafiýa sungatynyñ folklýor toparyny guramak we dolandyrmak hünäriniň 4-nji ýyl talyplary Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bagtyýarlyk medeniýet öýünde okuw iş tejiribesini geçýärler. Bagtyýarlyk medeniýet öýüniň hünärmenleriniň alyp barýan işleri barada ýagny ýöredilýän resminamalar, geçirilýän çäreler şeýle-de medeniýet öýüniň dürli ýaşdan ybarat bolan çeper […]
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bagtyýarlyk etrap medeniýet öýleriniň gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli 200 orunlyk Bagtyýarlyk medeniýet öýünde meşhur estrada aýdymçylary Mekan Çaryýew, Serdar Çarygulyýew, Amansähet Sähedowyň ýerine ýetirmeginde şowhunly aýdym-sazly medeni çäre geçirildi. Biziň ýurdumyzda her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzda çagalar bagyna gatnaýan eýjejik gyzjagazlardan başlap ak saçly mähriban enelermize, zähmet çekýän […]
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bagtyýarlyk medeniýet öýi hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezileşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy bilen bilelikde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ady bilen gürrüňdeşlik çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler öz sözünde Magtymguly Pyragynyñ goşgulary barada gürrüň berdiler. Milli medeniýetimize, ene dilimize, nusgawy edebiýatymyza bolan buýsanç geçmiş mirasymyzy öwrenmäge ruhlandyrýar. Geçmiş mirasy öwrenmekde […]