
2025-NJI ÝYL – «HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY»
Bãşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniñ okuwçylary bilen Türkmenistanyñ suratkeşler birleşiginiñ sergi zalynda Türkmen alabaýynyň baýramçylygy mynasybetli gurnalan sergilerden pursatlar.
Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniñ okuwçylary bilen Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine teleýazgysyny we açyk howada surat çekmek tejribeligini geçirmäne gitdik.
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniñ ýaşajyk zehinli okuwçysy Moskwada geçirlen döwlet bäsleşiginde ýeňiji boldy. Zehinli ýeňiji okuwçmyz mynasybetli baýrak gowşurylyş dabarasy gurnaldy.
Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebi Türkmenistanyñ Döwlet çeperçilik akademiýasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde geçiriljek «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşige bagyşlanyp tegelek stolyñ başyndaky teleýazgysyny geçirdik.
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Beýik Magtymgulynyň goşgularyny okap ýaşajyk suratkeşler sergileri gurnamagyny dowam edýärler. Geçilýän sapaklarda “Açyk howada surat çekmek” boýunça mekdebimiziň töwereginde, Aşgabat seýilgähinde, paýtagtymyzyň gözel ýerlerinde ýaz pasly bilen baglanyşdyryp wasp edýärler.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli “Pyragydan ruhlanan ussat” atly sergisine Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň ýaşajyk suratkeşleri myhmançylykda boldylar.