
2025-NJI ÝYL – «HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY»
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Ýasmansalyk medeniýet öýi we Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Medeniýet köşgüniň gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Zenan-zeminiň zynaty” atly aýdym-sazly, söhbetdeşlikli medeni çäre geçirildi. Çärede Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň aýdymçysy. Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülşirin Annamyradowa hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy. Türkmenistanyň at gazanan artisti […]
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Gypjak medeniýet öýüniň hünärmenleriniň bilelikde gurnamagynda “Siz Diýaryň, siz dünýäniň bezegi” ady bilen Halkara zenanlar güni mynasybetli medeni çäre geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Täze, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” mähriban enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy “8-nji mart Halkara zenanlar güni” bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! diýip çäräniň dowamynda bellediler. […]
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamagynda Büzmeýin etrap medeniýet öýleriniň gatnaşmaklarynda Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly dabarasy geçirildi.
Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabat şäher medeniýet müdirligi we Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň bilelikde gurnamagynda Büzmeýin etrap medeniýet öýleriniň gatnaşmaklarynda baýramçylyk tele ýazgysy geçirildi.
”Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli Büzmeýin etrap medeniýet öyleriniň gurnamagynda muzeýe gezelenç edildi.
”Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň gurnamagynda we Büzmeýin etrap medeniýet öýleriniň gatnaşmaklarynda 3-nji çagalar sungat mekdebiniň konserti geçirildi.