Çeper höwesjeňler bilen şowhunly çäre

,

     Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Gypjak medeniýet öýi hem – de Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy bilen bilelikde gurnamagynda çeper höwesjeňler bilen şowhunly çäre geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Täze, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” mähriban halkymyzyň her bir güni şatlyk-şowhun bilen toýdyr baýramlara beslenýär. Ynha bu gün biz hem, Gypjak medeniýet öýüniň “Galkynyş” çeper okaýyş gurnagyna  hem-de “Bagtyýarlyk” we ”Şöhle” tans gurnaklaryna gatnaýan çeper höwesjeňler bilen bilelikde Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynda gezelençde bolduk.

       Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde çagalar dynç alyş merkezleri  ýurdumyzyň dürli künjeklerine açylyp ulanylmaga berilýär. Ol ýerlerde aýdym-sazly baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek üçin ähli şertler döredilýär.

      Çäräniň ahyrynda Aşgabadyň nurana keşbine özboluşly gözellik eçilýän serýilgählere gözüň düşende, lezzetli duýgular kalbyňy gurşap alýar. Bu ýerler dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň, aýratyn hem körpeje çagalaryň iň bir arzyly künjegine öwrüldi. Şular ýaly ajaýyplyklary döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat ähmiýetli işleri rowaçlyga beslensin!