Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy bilen Gypjak medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli “Diýaryma nowruz geldi toý bolup” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdygy, Nowruz galkynyşyň, gülleýişiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýändigi barada gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda Ata Watanymyzy ösüşleriň, özgerişleriň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.