DÖREDIJILIK GEZELENJI

,

Ýakynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýine ýörite döredijilik gezelenjini gurnady.

Döredijilik gezelenjiniň dowamynda mugallymlar we okuwçy ýaşlar muzeýiň gymmatly taryhy ýadygärlikleri synladylar. Muzeýiň ekspozisiýasynda Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri bolan Jeýtundan, Altyndepeden, Marguşdan, Köne we Täze Nusaý patyşalygyndan, Merwden, Köneürgenç döwletlerinden tapylan tapyndylary uly gymmatlyk hökmünde saklanýar. Gadymy dünýä taryhy zalynda, Antik zalynda, Orta asyrlar zalynda, Etnografiýa zalynda saklanýan  önümleriň ählisi çagalaryň ünsüni özüne çekdi.

Dürli döwürlerden tapylan küýzeler, nagyşly küýze önümleri, olaryň çeperçilik  many-mazmunyna,   ýakyndan syn etdiler. Tebigat bölüminde okuwçylarymyz has gyzykly we täsin özboluşlulyklary synladylar. Etnografiýa bölüminde gadymy ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň on barmagyndan syzylyp çykan milli senetçilik bilen bagly gymmatlyklara hem syn etdiler.

Nakgaşçylyk sungatynda belli ussatlaryň döreden eserlerine hem uly höwes bilen syn berdiler. Döredijilik gezelenji, mekdebimiziň nakgaş bölüminde okaýan okuwçylaryna we bu hünärden bilim berýän mugallymlara uly täsir galdyrdy. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun.