Dünýä dursun, parahatçylyk dursun

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň  Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda “Dünýä dursun, parahatçylyk dursun” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda türkmen döwleti, goňşy döwletler bilen ylalaşykda, parahatçylyga, dost-doganlyga sarpa goýup ýaşamaga we deňhukukly gatnaşyklary saklamaga, ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigi, hyzmatdaşlyklary ýola goýmak arkaly dünýäde parahatçylykly gatnaşyklaryň kemala gelýändigi, parahatçylyk abadanlykdan, asudalykdan we agzybirlikden başlanýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

     Çäräniň ahyrynda  dünýäde  parahatçylyk  taglymatyny dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza  alkyş sözlerini aýtdylar.