ENE – ýürege ýakyn, mähirli-mähriban söz. Dünýäde ene ýaly mähriban, mukaddes ynsan barmyka? Ene öz balasyna mährini siňdirip, ony gijeler uklaman ulaldýar. Ene elmydama öz ganatlaryny gerip, balasyny ähli bela-beterlerden goramaga çalyşýar. Teleýaýlymlary synlanyňda, radio gepleşiklerini diňläniňde türkmenlerde zenan mertebesiniň has belentde goýulýandygyna buýsanýarsyň. Ajaýyp diýarymyzda mähriban enelermiz hakda buýsançlydan-buýsançly gürrüň etmek, olaryň kalbynda mähirli duýgulary oýarmak bolsa biziň perzentlik borjumyzdyr.
Ine şu gün hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyňAşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşi, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Ene dünýäniň görki” atly baýramçylyk konsertini geçirdiler. Baýramçylyk konsertinde 7-nji çagalar sungat mekdebiň aýdym-saz toparlary çykyş etdiler, çykyşda mähriban enelermizi, uýalarmyzy wasp edýän aýdymdyr-sazlar ýaňlandy, nakgaş bölüminiň okuwçylarynyň enelermizi wasp edip çeken suratlary geçirilen baýramçylyk dabaramyzda sergilendi. Enelrmiziň sarpasyny belentden belent tutýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny arzuw edildi.