Ene kalby meňzeş gözel ýazlara

Aşgabat şäher medenýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow  adyndaky  kitaphana  şahamçasy  bilen Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Ene kalby meňzeş gözel ýazlara” ady bilen aýdym-sazlysöhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Täze taryhy döwrümiziň binýadyny berkitmäge işjeň goşant goşýan zähmetsöýer zenanlarymyz döwletimiziň we jemgyýetiň durmuşynda aýratyn orun eýeleýän türkmen zenanlarynyň hoşniýetlilik, sadalyk, wepalylyk, paýhaslylyk ýaly häsiýetleri hemişe sarpalanyp, hormatlanyp berkarar döwletimizde zenan mertebesiniň has-da belent tutulýandygy barada söhbet etdiler.  

Söhbetdeşligiň dowamynda ýaz paslyna meňzeş gelin-gyzlarymyzyň, ýüzi nurly enelerimiziň waspyny ýetirýän aýdym-sazlar ýaňlandy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda mähriban zenanlarymyza çuňňur sarpa goýup, olara ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.