Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Arçabil şaýolunyň ugryndaky seýilgähde Bütündünýä saglyk güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaby esasynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman  Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzda  raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamak esasy wezipeleriň biri bolup durýandygy, berk bedenli sagdyn nesilleriň  kemala gelmegi ugrunda bimöçber aladalar edilýänligi barada söhbet etdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaplarynda beýan edilen gözel tebigatymyzda ösýän birnäçe melhem otlarynyň hem ynsan saglygyna uly täsiriniň bardygy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

      Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.