Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener–tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli “Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede Nowruz baýramy halkymyzyň ajaýyp ruhy mirasynyň, milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolup, halklaryň özara dostlugynyň baýramydygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzda parahatçylyk söýüjilik, goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşykda bolmak, hoşniýetli goňşyçylyk ýörelgeleri halkymyzyň medeniýetiniň binýadyny emele getirýän gymmatlykdygyny belläp geçdiler. Şeýle-de bu ajaýyp baýram mynasybetli aýdym-sazly çykyşlar çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çärede ahyrynda asyrlara uzaýan milli medeniýetimizi, özboluşly däp-dessurlarymyzy, gadymy baýramçylyklarymyzy täze döwrüň ruhy bilen galkyndyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.