Göwünleri galkyndyran Galkynyş

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynda  “Göwünleri galkyndyran  Galkynyş” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

        Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen, bu ýyly ahalteke bedewleriniň uly ýeňşi bilen başlanmagy, Watanymyzyň taryhynda ýatdan çykmajak  wakalaryň biri bolandygy barada gürrüň berdiler.  Şeýle hem Milli Liderimiziň başlangyjy bilen täzeden dikeldilen türkmen sirk sungatynyň dünýä derejesinde abraýynyň barha ýokarlanýandygy dogrusynda buýsançly söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň atşynaslyk däplerini gorap saklamak, ösdürmek we dünýä ýaýmak, şeýle-de atly sporty, sirk sungatyny ösüşiň täze derejelerine çykarmak ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.