Gözellik nurun saçyp, Nowruz geldi ilime

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli “Gözellik nurun saçyp, Nowruz geldi ilime” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler parahatçylygyň, bagtyýarlygyň we eşretli durmuşyň mekany hökmünde äleme dolan gözel diýarymyzyň her bir güniniň toýdyr-baýramlara, şany senelere, taryhy wakalara beslenýändigini şeýle-de  ýurdumyzda Milli Bahar baýramy Halkara Nowruz gününiň giňden bellenilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Pasyllaryň soltany ýaz paslynyň buşlukçysy bolan  Bahar baýramy Halkara Nowruz güni mynasybetli obadyr şäherlermiziň toý donuna bürenip, milli däp-dessurlarmyzyň has-da ýaýbaňlandyrylýandygyny uly buýsanç bilen bellediler.  

      Çäräniň ahyrynda milli däp-dessurlarmyzy äleme ýaýýan  Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza  alkyş sözlerini aýtdylar.