Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Milli bahar baýramy Halkara Nowruz güni mynasybetli “Halkara baýramym – Nowruz baýramym” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde ýaşaýyşyň, ýaşlygyň pasly bolan bahar paslynda bellenilýän Halkara Nowruz baýramy täze günüň, täze ýylyň buşlukçysy bolup, türkmen topragyna kükräp gelen baharyň joşgunly waspy dillerde aýdym-saz bolup ýaňlanýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruz baýramy halklaryň arasynda parahatçylygy berkidýän, Gündogar halklarynyň taryhy medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan halkara baýram hökmünde taryha girendigi hakynda belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda öz halkynyň taryhyna sarpa goýup, şu gününi beýgeldýän, ak ertirlerini ak bagta besleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.