Halkara Kinofestiwal

Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň gatnaşmagynda “Gorkut ata” atly halkara kinofestiwalyň açylyş  dabarasynda  Aşgabat  şäher  medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyňkitaphanaçylarynyň gatnaşmagynda “Altyn asyr” teleýaýlymy bilen söhbetdeşlik geçirildi.   Söhbetdeşlikde  çykyş  edenler  Türkmenistanda bäş döwletiň kinomatografiýaçylary we sungat işgärlerini bir ýerde jemlemek, ajaýyp medeni baýram – “Gorkut ata” halkara kinofestiwalynyň geçirilmegi, diňe bir sungaty görkezmek däl, eýsem halklary birleşdirýän we dünýäde medeni gatnaşyklary berkitmek üçin güýçli gural bolup hyzmat edýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle‑de Festiwalyň esasy maksady‑janly  medeni  aragatnaşygyň  we  ylham  joşgunynyň  giňişligini döretmekdigini bellediler. “Gorkut ata” tomaşaçylara dünýä kinomotagrafiýasynyň dürliligini açyp görkezjek, halklaryň medeni däpleriniň owadanlygyny we özboluşlylygyny görkezmek üçin döredilýändigi barada beýan etdiler.

  Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde, dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.