Halkara – parahatçylyk hoşniýetliligiň ýoly

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda “Halkara – parahatçylyk hoşniýetliligiň ýoly” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde 2025-nji ýylyň  “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýilip yglan edilmegi agzybir halkymyzy diýseň guwadyrdy we buýsanjyna buýsanç goşandygy barada beýan etdiler. Şeýle-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýaly biziň her birimiz üçin täze pikirleri döretmäge, özümizi kämilleşdirmäge we jemgyýetimiziň agzybirligi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin uly tagallalaryň edilýändigi barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda umumadamzat bähbitli beýik işkeri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.