«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» 

,

Häzirki ajaýyp döwrimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösuşlere beslenýär, halkymyz abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Esasan hem, milli medenýetimizi we nusgawy edebiýatymyzy dünýa ýaýmakda uly işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiziň  alyp barýan ýoluny ösüşiň hil taýdan täze belentliklere çykardy. Bu bolsa parahatçylyk söýüjilik, döredijilikli syýasaty, döwletiň hem-de jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryndaky öňegidijilikli ösüş, halakara giňişliginde ýurdumyzyň abraýyny ýokarlandyrmak bilen häsiýetlendirilýär. Bu günki gün dünýä ýüzi Garaşsyz Türkmenistan parahatçylygyň, agzybirligiň, dostanalygyň ýurdy höküminde garaýar. Muňa Watanymyza Zeminiň çar künjünden gelýän myhmanlaryň  ýürek buýsançlaryndan hem görmek bolýar. Ol sözler ýöne bir buýsanç kelamy bolman, eýsem pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda kalbynda göterip gelen arzuwlarynyň hasylydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen “Dialog-parahatçylygyň kepili” taglymaty Ýer ýüzinde uly meşhurlyga eye. Bu gün ol  ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň iňňän möhüm şygarlarynyň birine öwrilip, dünýä  aýlanýar.