“HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK”

,

“HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK” ýylynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bagtyýarlyk medeniýet öýi hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 6-njy çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň horegrafiýa sungatynyñ folklýor toparyny gurnamak we dolandyrmak hünäriniň 4-nji ýyl talyplarynyň gurnamagynda medeni çare geçirildi. Öz öňünde belent maksatlary goýmagy we gazanmagy başarýan ukyply nesli ösdürip ýetiṣmegi türkmen medeniýetini ösdürmegiň esasy wezipesidigini bellenilýär.  Ṣeýlede  durmuş we bilim özgertmeleri adamlaryň aň-paýhas kuwwatyny ýüze çykarmak hem-de zehinli ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny goldamak, ösdürmek üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Hawa, bu gün medeniýet we sungat işgärleriniň öňünde döredijilik we hünär ussatlygyny artdyrmak üçin uly mümkinçilik açylýar. Şu mümkinçilikleriň ulanylmagy bolsa türkmen jemgyýetinde bolup geçýän oňyn özgertmeleri doly derejede şöhlelendirmäge, ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmäge hem-de ýetilen sepgitler bilen öňde goýlan maksatlary deňeşdirmäge, türkmen halkynyň nobatdaky üstünliklere tarap ynamly gadamlaryn artdyrýar. Türkmenistanda dürli festiwallar we bäsleşikler, şol sanda halkara derejedäki bäsleşikler geçirilip, olara diňe ýurdumyzyň däl-de, eýsem, daşary ýurtlaryň sungat ussatlary we ýaş zehinleri gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri öz nobatynda daşary ýurtlarda Türkmenistana mynasyp wekilçilik edip, halklaryň ýakynlaşmagyna, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam edýärler. Öz milli däp-dessurlarymyzy açyp dünýä tanatmaga we okamak, işlemek üçin  şeýle uly şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!