Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bagtyýarlyk medeniýet köşgi we Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen bilelikde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede medeniýet köşgüniň we kitaphana işgärleri Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda rowaçlygyň ak ýoluna düşen täze 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýeňişleriň belent sepgitlerine tarap agzybirlik bilen ynamly öňe barýandygynyň özboluşly beýanyna öwrülendigini we türkmen halkynyň buýsanjy we guwanjy bolan döwlet baştutanymyzyň waspy ýetirilip, diýarymyzyň ösüşleri, ýaş nesillerimiziň geljegi üçin edilýän taýsyz tagallalary barada gyzykly gürrüň edildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan kitaplary esasynda medeniýet köşgüniň hünärmeni we kitaphana işgäri gyzykly gürrüňler berdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.