“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli Miras teleýaýlymynda “Peder pendi” gepleşiginde aýdym-sazly söhbetdeşlik.
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň, Büzmeýin Halk döredijilik öýüniň halypa aýdymçysy Jumamuhammet Akgaýew
Gahryman Arkadagymyz Parahatçylyk sazy Dostluk, Doganlyk sazy atly ajaýyp eseri Şükür bagşyň üsti bilen dutaryň jadylaýjy owazy hem-de türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragy barada aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.
Pederleriň pähiminden gözbaş alyp, asyrlaryň aýdymyny baýdak edinen, Gahryman Arkadagymyzyň nesihatyny tug edinip öňe sary barýan ýurdumyzda toýlar-toýa, baýramlar-baýrama ulaşýar. Adam öz eziz görýän gymmatlyklaryny ýüreginde saklaýar. Watan hem şeýle gymmatlyklaryň, mukaddeslikleriň biridir. Diýmek, biziň Watanymyz hakyndaky her bir söhbedimiz ýüregimizden syzylyp çykýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gözbaşy asyrlaryň çuňluklaryny boýlaýan milli aýdym-sazlarymyz, toý-baýramlarymyz, däp-dessurlarymyzy täze öwüşgine eýe bolýar.
Goý, toý-baýramlarymyzyň gelşigi, dünýämiziň ruhy baýlygy bolan aýdymdyr sazlarymyz hemişe belentden ýaňlanyp dursun
Eziz Diýarymyzda gazanylýan ähli üstünliklerimiziň ruhlandyryjysy hem-de ýol görkezijisi bolan Milli Lidermize, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsanç duýgularymyz dilimiziň senasyna, köňlimiziň owazyna öwrülýär. Belent maksatly menziller bilen ýurdymyzy täze rowaçlyklara tarap öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun! Tutýan tutumly işleri rowaçlykly menzillerde diňe öňe rowan bolsun!
Goçmyrat Gurbanow
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň
Büzmeýin Halk döredijilik öýüniň müdiri.