“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli “Arkaç” söwda we dynç alyş merkezinde gezelenç

,

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimizi dünýä ýaýylýar we ösdürilýär. Türkmen zenanlarynyň keşde çekmek işinde özüne mahsus aýratynlyklar bar. Olar keşdäniň täsin nusgalaryny tapyp, utgaşdyrmagy, nagyşlary matanyň ýüzine sünnäläp geçirmegi ezberlik bilen başarýarlar. Matanyň ýüzine keşdäniň nepis düşmegi, işliginiň hiliniň gowy bolmagyna hem baglydyr.

    “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda milli gymmatlyklarymyzy öwrenmekde, gorap saklamakda düýpli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary netijesinde ýurdumyz bedew batly bilen öňe barýar. Ähli pudaklarda bolşy ýaly, medeniýet ulgamynda hem rowaçly ösüşler gazanylýar. Parasatly ata-babalarymyzdan, nusgalyk ene-mamalarymyzdan miras galan ýol-ýörelgeleri, milli däp-dessurlary, maddy we ruhy gymmatlyklary ýaş nesillerimize geçirmekde ägirt uly işler bitirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, milli we medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda zähmetimizi, yhlasymyzy gaýgyrmarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.!

Suraý Hudaýgulyýewa

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Büzmeýin Halk döredijilik öýüniň medeni çäreleriň guramaçysy