Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dünýä ýurtlary we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy barha ösýär. Ýakymly pursatlara beslenip gelen ýylymyz “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrmak bilen, kalplarda parahatçylyk söýüjilik ýolumyza bolan buýsanjy hasda artdyrdy. Türkmen halkynyň parahatçylygy, dost-doganlygy asylly ýörelgesi höküminde kämilleşip gelýär. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp eserlerinde görmek bolýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde tanalýar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” her bir güni beýik özgerişleri, Berkarar ýurdumyza abraý-mertebe, şan-şöhrat getirýän tutumlary, ösüşleri bilen Watanymyzyň taryhyna täze sahypalary ýazýar diýip baýramçylyk dabarasyna gatnaşan mugallymlar buýsanç bilen belläp geçdiler. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyna bagyşlanyp geçirlen baýramçylyk dabarasynda 7-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary ýaňlandy. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny arzuw etdiler.
